- zährimar
- [zährima:r]1) Ýylanyň zäheri, ýylanyň awusy.2) Göçme manyda «Bela, zakgun, awynyň sapy» diýen ýaly manylarda gelýän gargyş söz.∙ Baý aga, näme hyzmat bar? Zährimar hyzmat! Ony göreňokmy? (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)3) Gepleşik dili Zäher goşulan ýaly ajy zat, arak, tirýek we ş. m.
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi. 2015.